Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Şirwindt aradan çykdy

09:4016.03.2024
0
14287

Russiýanyň halk artisti, ýurduň Satira teatrynyň prezidenti Aleksandr Şirwindt 89 ýaşynda hassahanada aradan çykdy. Bu barada TASS habar berdi.

Artist ýürek hassalygyndan ejir çekýärdi.

Aleksandr Şirwindt – sowet we russiýaly teatr hem kino aktýory, teatr režissýory, ssenariçi, mugallym, teleýaýlymda alypbaryjy we ýazyjydyr.

Ol ýurduň Şukin adyndaky teatr uçilişşesini tamamlap, köp ýyllaryň dowamynda dürli teatrlarda işledi, teleseriallarda we filmlerde surata düşdi. Sahna oýunlaryny ýazdy hem-de sahnalaşdyrdy. Satira teatryna 20 ýyllap ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň