Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçileri işewürlik üçin gümrük işleriniň esaslary boýunça okuwlara çagyrylýar

14:5314.03.2024
0
10127

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» ýurduň telekeçilerini 12 sagatlyk «Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary» atly hünär okuwyny geçmäge çagyrýar.

Bu hünär okuwy diňleýjilere Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny, ykdysady-gümrük düzgünlerini içgin öwrenmäge, şeýle hem Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşmaga ýardam berer.

Okuw Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň ýokary hünär derejeli we ugurdaş ulgamda baý iş tejribesi bolan mugallymlary tarapyndan alnyp barlar.

Okuwyň ahyrynda diňleýjilere şahadatnama berler.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • (+993 12) 22-88-38,
  • (+993 12) 22-73-64.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň