Ýaponlar ofis üçin niýetlenen «ellik-ýassygy» tanyşdyrdylar. Bu täze önüm hünärmenlere iş ýerinde rahat irkilmäge ýardam edýär. Bu barada «Пул №3» Telegram kanalynda habar berilýär.
Toplumda ýassyk bilen birlikde ony ýanyň bilen göterer ýaly daşlygy hem bardyr.
Ýaponiýada hünärmeniň iş ýerinde oýaly-ukuly bolmagy, irkilmegi adaty ýagdaý ýaly kabul edilip, onuň önjeýli işländigi hökmünde düşünilýär. Hatda bu hili ukuda bolmagyň — «inemuri» diýip öz ady hem bar.