Soňky habarlar

Arhiw

Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 15 ýylda iki esse artdy

09:0413.03.2024
0
6820

Ösen ýurtlaryň jemi döwlet bergisi soňky 15 ýylda iki esseden hem artyp, 54 trillion dollara deň boldy. Muňa Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

2008-nji ýyldan bäri görkeziji 30 trillion dollara çenli artdy, seljerijiler 2024-nji ýylyň ahyryna çenli munuň 56 trilliona ýetjekdigini çaklaýarlar.

Umumy döwlet bergisiniň esasy bölegi ABŞ-a degişlidir, ol 30 trillion dollar. Ýurduň esasy karz berijileri Hytaý we Ýaponiýa. Ýewropa Bileleşigine ösen ýurtlaryň jemi döwlet bergisiniň 20 göterime golaýy düşýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna ÝB-i, ABŞ-ny, Kanadany, Ýaponiýany we Türkiýäni goşmak bilen, 38 döwlet girýär. Olara dünýäniň jemi içerki önüminiň 60 göterime golaýy degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň