BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady

10:1012.03.2024
0
8492
BMG-niň Baş sekretary musulmanlary Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady
Surat: news.un.org

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäniň ähli musulmanlaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady.

«Remezan özünde parahatçylygyň, sabyr-kanagatlylygyň we sahylygyň gymmatlyklaryny jemleýär. Bu oýlanmagyň we doga-dilegleriň, birek-birek bilen ýygnanyşmagyň hem-de birek-biregi goldamagyň döwrüdir. Gynansagam, bu aýy köpler gapma-garşylyklar, ýaşaýan ýeriňi mejbury terk etmegiň we gorky şertlerinde bellemeli bolar» diýip, Guterriş belledi.

«Ilkinji nobatda men Gazada bolup geçýän elhençliklerden ejir çekýänlere goldawymy hem-de raýdaşlygymy bildirmek isleýärin. Bu agyr wagtda Remezanyň ruhy umydyň şamçyragydyr hem-de biziň ynsanperwerligimiziň ýatladylmagydyr» diýen Guterriş adamzadyň maşgalasynyň her bir agzasynyň howpsuzlygyny berkitmek ugrunda bilelikde tagalla etmäge çagyrdy.

«Goý, bu mukaddes aý parahatçylyk getirsin hem-de bizi has adalatly we rehim-şepagatly ýola gönükdirsin» diýip, BMG-niň Baş sekretary öz ýüzlenmesini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň