Gadymy Amul galasy barada halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

07:5208.03.2024
0
20682

Türkmenistanda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Häzirki wagtda ýurtda oňa taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat-goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýokary derejeli gatnaşyklar has-da berkidilýär.

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň 25-26-njy aprelinde "Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan --- Garagum geçelgesiniň" çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli "Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guralar.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybarat.

Halkara maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň we ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

– Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar – diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere "Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy" atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, onuň işine alymlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň