Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilmegine görä, şu ýylyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki "Nowruz ýaýlasynda" Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem "Nowruznama" kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy ýerleşdiriler. Onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şeýle-de amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary hem-de Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki "Türkmeniň ak öýi" binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, şeýle hem Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Baýramçylyk dabaralarynyň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 21-nji martynda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasynyň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, giňden guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.