Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä, şu ýylyň 17 --- 19-njy marty aralygynda agzalan sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler we şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler.
TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllyk senesine gabatlanyp geçiriljek maslahatda bolsa türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de "Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda" hususy ulgamy ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň tutýan ornunyň barha artýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we wise-premýer B.Atdaýewe bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.