Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Büzmeýin etraplarynda, Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu gün – 7-nji martda täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, munuň özi baýramçylyk günlerinde paýtagtyň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat boldy.
Aşgabadyň Berkararlyk etrabynda 2 sany 5 gatly hem-de Büzmeýin etrabynda 1 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirilip, olaryň barşynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem şu gün --- 7-nji martda köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine Arkadag şäherinde gurlan döwrebap jaýlardan öýleriň açarlary gowşuryldy.