«SuperJob» tarapyndan geçirilen pikir soraşmada erkekleriň 27%-i zenanlar üçin nikadan geçmegiň iň ýerliksiz hereketdigini belleýärler diýip, gazeta.ru saýty habar berýär.
Emma erkek kişini diňe bir nika däl-de, başga-da köp zatlar nädogry hereket etmäge mejbur edip biler. Bu pikir soraşma gatnaşanlaryň 4%-i ýakynlary bilen duşuşmak üçin uzak ýoly söküp gitmäge taýýardyklaryny boýun aldylar. 3%-i öz söýýändigiňi aýtmagy samsyklyk hasaplaýarlar, ýene 3%-i bolsa aýalynyň diýenini edip täze jaýa göçendigini aýdýarlar.
Erkekleriň 2%-i söýgüsi üçin gerek bolsa uruşmaga we islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge taýýardygyny belleýär. Bu sowala jogap berenleriň biri dagy gelinligini görmek üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň otagyna suw geçiriji turba dyrmaşyp barandygyny aýdýar.
Pikiri soralan erkekleriň ýene bir 2%-i gymmat sowgat aljak bolup bergä batypdyr, 1%-i hiç hili çykalga bolmansoň, bankdan karz almaly bolupdyr. Beýiklikden bökmek, buz ýaly suwa girmek, ikilik edendigi üçin söýgülisini bagyşlamak, halaýan gyzy üçin aýaly bilen aýrylyşmak — ine, söýgi üçin şular ýaly hereketleri etmek kararyna gelen erkeklerem bar.
At ýazgyly tatu çekdirmek, serenada taýýarlamak, ene-atasy bilen dawalaşmak, hatda gül ýaly işini taşlamak... söýginiň hatyrasyna edilen bu adatdan daşary hereketleriň sanawyny näçe dowam etseň dowam edibermeli.
Muňa garamazdan, pikir soraşma gatnaşanlaryň 19%-i durmuşynda söýgüsinden nägileligiň, göwne degişmegiň we düşünişmezligiň ýokdugyny, şeýle-de halaýan ýaryna bolan söýgülerini berkitmek üçin hemişe alada edýändiklerini aýtdylar.
Söýgiňiz üçin siz nämeleri etmäge taýýar?