Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramanyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen köp ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça degişli toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şeýle-de Bitarap türkmen döwletiniň häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy nygtaldy.
Duşuşykda energetika ulgamy ýene bir geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň energiýa serişdelerine baýdygyny bellemek bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýykdygyny nygtady.
Şeýle-de ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetiniň uludygy aýdyldy. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Baş sekretar Helga Şmid Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.