Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady

12:1705.03.2024
0
25721

«Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminde taýýarlygy tamamlady. Taýýarlyk üçin Türkiýede we BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri Abu-Dabi şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda Dubaý şäheriniň «Regional Sports FC» topary bilen güýç synanyşadylar hem-de 4:2 hasabynda üstün çykdylar.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümindäki deslapky oýnuny ikinji tapgyrda wise-çempion «Altyn Asyr» bilen geçirer. Oýun 7-nji martda bolup geçer.

Maglumat üçin, gyşky transfer möwsüminde «Arkadag» topary düzümini birnäçe oýunçylar bilen güýçlendirdi hem-de käbir oýunçylar bilen hoşlaşdy.

Topary Mihail Titow we Roman Galkin terk etdi. Derwezeçi Rahat Japarow, gorgaçy Ylýas Çaryýew, ýarymogarçy Mirza Beknazarow hem-de hüjümçi Şamämmet Hydyrow kluba täze gelen oýunçylardyr.

Ýeri gelende bellesek, täze möwsümiň öňüsyrasynda «Arkadag» toparynyň ýaşlaryndan ybarat «Arkadag-2» topary döredildi hem-de ol şu möwsümde Türkmenistanyň ýaşlar ligasynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň