Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylyň iki aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 % boldy

10:4102.03.2024
0
22576

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylyň iki aýynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň ilkinji iki aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

«Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterim boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň