Top.Mail.Ru

«Vivense» mebelleriň we aksessuarlaryň şowrumy açylyşy mynasybetli 70%-e çenli arzanladyş yglan edýär

11:3529.02.2024
0
24271

2-nji martda Aşgabatda mebelleri we bezeglik aksessuarlary hödürleýän «Vivense» türk brendiniň täze şowrumynyň açylyşy bolar. Bu waka mynasybetli bolsa dükan 2-nji we 3-nji martda bu ýerden söwda etjek müşderilere 50%-den — 70%-e çenli arzanladyş yglan edýär hem-de sowgatlary berýär.

«Vivense» şowrumynyň mebelleriniň haryt görnüşlerine şular girýär: diwanlar we kreslolar, krowatlar, žurnal stollary, telewizor üçin tumbalar, oturgyçly nahar stol toplumy, aşhana mebelleri. Bulardan başga-da, dükanda interýer üçin niýetlenen ajaýyp aksessuarlaryň dürli görnüşleri ýetirilýär.

«Vivense» mebelleri — bu minimalizm stiliniň aýdyň beýanydyr:

- kadaly siluetlerdir çäklendirilen reňkler asuda we rahatlyk atmosferasyny döredýär.

- lakonik göwrümler we artykmaç zatlaryň ýoklugy giňişligi görnüşi babatda giňeldýär, oňa erkin görnüş berýär.

- köptaraply we ulanmak üçin amatly bolmagy — «Vivense» mebelleriniň her bölegi iňňän inçeden üns berlip döredilendir.

«Vivense» şowrumy müşderilere şu salgyda garaşýar: G.Kulyýew köçesi, «Maksatly türkmen» binasy, 2-nji gat. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň