Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde bu ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda pudagara elektron alyşmalar ulgamyny synag esasynda ornaşdyrmaga ýardam etmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Saparyň esasy maksady “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda Gyrgyzystanyň toplan tejribesini öwrenmeginden ybarat boldy.