Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy.
Resminama laýyklykda, pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurduň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurtda elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň pudak edaralarynda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.