Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PostShop» dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler

14:0328.05.2024
0
13826

«PostShop» — elektronika enjamlaryndan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşik, oýunjak we öý harytlaryna çenli ähli zerur zatlaryň bir ýere jemlenen dükanydyr.

Dürli dükanlardan harytlary gözlemäge wagt ýitirmek islemeýän bolsaňyz, shop.post.tm marketpleýsine girip, özüňize gerek bolan islendik zady sargyt ediň. «PostShop» internet dükany — bu önümleriň köpdürlüligi, ulanyjy üçin amatly interfeýs hem-de Türkmenistanda tiz eltip bermek hyzmatydyr.

Alyjynyň nirede ýerleşýändigine garamazdan, «Türkmenpoçta» gysga wagtyň dowamynda sargyt edilen zady eltip berer: sargytlar Aşgabat şäherine we onuň golaýyna — 24 sagatda, welaýatlara bolsa — 3-5 günüň dowamynda ýetirilýär.

Eger siz «PostShop»-yň giň haryt görnüşleri bilen tanşyp, onuň getirilmegine garaşmazdan derrew satyn almak isleseňiz, marketpleýsiň Aşgabatdaky şu salgyda ýerleşýän dükanyna baryp bilersiňiz: B.Annanow köçesi, 39 A jaýy.

«PostShop» oflaýn dükanynda hojalyk tehnikalaryny, kompýuter esbaplaryny, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümleri satyn alyp bilersiňiz. Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri, sagat 9:00-dan — 20:00-a çenli.

Tölegi nagt ýa-da bank karty arkaly tölemek bolýar.

Harytlary sargyt etmek üçin telefon belgisi: (+993 65) 72 89 52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň