Top.Mail.Ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri özbek Liderine hoşallyk hatyny iberdi

06:2822.02.2024
0
22353

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe, onuň Özbegistanda beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek baradaky Karary kabul etmegi bilen baglylykda, hoşallyk hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine ýollan hatynda şeýle belleýär:

Hormatly Şawkat Miromonowiç!

Gadyrly doganym!

Ilki bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny
ösdürmäge we berkitmäge goşýan şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Siziň Özbegistanda beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek baradaky Karary kabul etmegiňiz munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Siziň döredijiligi we filosofik mirasy bilen adamzadyň ruhy genji-hazynasynda hemişelik orun alan mugallym we ynsanperwer Magtymguly Pyragynyň umumydünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda görnükli orny baradaky sözleriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Elbetde, biz Magtymgulynyň türkmen we özbek halklarynyň doganlygynyň, dostlugynyň, ykballarynyň bitewüliginiň binýadyny döretmäge goşan uly goşandyny hemişe aýratyn
minnetdarlyk we buýsanç duýgusy bilen belläp geçýäris.

Magtymgulynyň terjimehalynda we döredijiliginde Özbegistan aýratyn orny eýeleýär. Hywada bilim alan döwri ol Özbegistanyň taryhyny oňat özleşdiripdir, çuňňur hormat we gyzyklanma esasynda onuň topragyna, halkyna, däp-dessurlaryna tüýs ýürekden söýgi bilen aralaşypdyr. Häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň özbek dilinde ýaňlanmagy, Özbegistanyň mekdeplerinde we uniwersitetlerinde öwrenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Türkmenistanda hem Alyşir Nowaýy, Mirza Ulugbek, Munis Horezmi ýaly beýik özbek şahyrlary, akyldarlary we alymlary tanalýar we hormatlanýar.

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenmeginiň biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkämliginiň, taryhy ykballarynyň umumylygynyň, agzybirligimiziň we hemişe bile bolmaga taýýarlygymyzyň ýene-de bir aýdyň beýany boljakdygyna ynanýaryn.

Kabul edilen Karar üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglygyny, abadançylygy, Siziň döwlet we syýasy işiňizde täze üstünlikleri, Özbegistanyň halkyna bolsa parahatçylygy we gülläp ösüşi arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň