Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen diplomaty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek festiwalyň maksatnamasy bilen tanyşdy

16:5321.02.2024
0
21713

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa VIII halkara sungat festiwalynyň maksatnamasy bilen tanyşdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, türkmen ilçisi Moskwa halkara festiwalynyň geçiriljek ýeri bolan Russiýa çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergi toplumyna baryp, festiwalyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnow bilen söhbetdeş boldy.

Hormatly myhman Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň prezidenti, SSSR-iň we Russiýa Federasiýasynyň Halk nakgaşy, ÝUNESKO-nyň Hoşmeýilli ilçisi Zurab Sereteliniň işleri, şeýle hem «Dutaryň owazy» festiwalynyň geçiriljek konsert meýdançalary bilen tanyşdyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergiler toplumynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan çäreleriň başy başlanar.

Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ilkinji uly konsert hem şu ýerde bolar.

Şeýle hem çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» Halkara edebi bäsleşigini, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna çeper bezegleriň «Şekil» bäsleşigini, kompozitorlaryň «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna saz eserleri» bäsleşigini, «Pähim şineleri: beýik danalaryň sapaklary» taslama bäsleşigini geçirmek hem göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň