Häzirki wagtda ýaşaýan ýerinden göçürilen çagalaryň sany 50 milliondan hem geçýär, bu bütin taryhda iň ýokary görkezijidir, özi hem 2010-njy ýyldan bäri bu görkeziji iki esse artdy.
«Save the Children» guramasynyň täze nutugynda habar berlişine görä, geçen ýylda 10 milliondan gowrak çaga ýaşaýan öýlerini terk etmäge mejbur bolupdyr, muňa iri dünýä krizisleriniň 10-sy sebäp bolupdyr.
Hasaplamalara laýyklykda, geçen ýylda çagalaryň ýene-de 29 müňüsi bir günde öz ýaşaýan ýurtlarynyň çäginde ýaşaýan ýerlerini terk edipdirler ýa-da başga ýurtlara göçmäge mejbur bolupdyrlar. Esasan, Sudanda we Somalide çagalar ejir çekipdirler.
Guramanyň wekili haçan-da çagalar ýaşaýan öýlerini ýitirenlerinde, ähli zady, şol sanda saglygy goraýşa, bilime, azyga we howpsuzlyga elýeterliligi elden giderýändiklerini belledi.
Çagalara azyk, ilkinji nobatdaky zatlar, howpsuzlyk hem-de oýnamak, özlerini bagtly duýmak, bilim almak üçin öý gerek diýip, guramanyň wekili nygtady diýip, «Euronews.com» ýazýar.