Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-italýan pianinoçylarynyň konserti geçiriler

08:0820.02.2024
0
39558

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik işgärleriň güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada söhbetdeş boldy. Diplomatyň bellemegine görä şu ýyl Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 32 ýyl dolýar. 10 ýyl mundan ozal Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz işine başlady. Ilçi medeni-ynsanperwer gatnaşyklara hem ünsi çekmeke bilen şeýle belledi:

— Ilçihanamyzda biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda syýasy, medeni, bilim we söwda ugurlary boýunça çäreleri geçireris. Şolaryň ilkinjisi mart aýynda Aşgabatda guraljak iki ýurduň meşhur pianinoçylarynyň bilelikdäki konsertidir. Her ýylda şunuň ýaly çäreleri geçirmek indi däbe öwrüldi. Ýaş türkmenistanlylaryň arasynda italýan diliniň meşhurlygy barha artýar. Häzirki wagtda ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen hem ýakyndan işleşýäris. Bu günki gün ene dili italýan dili bolan iki sany professor Türkmenistanda mugallym bolup zähmet çekýär. Olar ýaşlara diňe bir italýan dilini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýerli mugallymlar bilen dil öwretmegiň täsirli usullaryny işläp düzmäge-de ýardam berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň