Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy

06:0917.02.2024
0
31771

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serd­ar Berdimuhamedow şu gün — 16-njy fewralda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap, san­ly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim berjaý edildi.

Wise-premýer geçen aýda benzinleri öndürmegiň meýilnamasynyň 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 103,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 114,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň