Soňky habarlar

Arhiw

Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar

11:0016.02.2024
0
24395
Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar
Surat: mir24.tv

Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar. Diňe 2023-nji ýylyň özünde çap kitaplaryň bazary pul aňladylmada 9 göterim ösüş görkezdi hem-de 87 milliard rubla deň boldy. Kagyz neşirleriň satuwlary hem 3 göterimden geçdi we 231 million birligi düzdi. Russiýanyň ýaşaýjylary kitaplary internet-dükanlar arkaly sargyt edýärler, emma kitaplaryň adaty satuwy welin, kemeldi diýip, «Kommersant» neşiri ýazýar.

Hünärmenler 2024-nji ýylda Russiýada kagyz kitaplaryň bazarynyň depgininiň pul ölçeginde 8 göterime çenli we birlik aňladylmada 1 göterim kemeljekdigini çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň