Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen samboçylary Minsk şäherinde geçirilen halkara ýaryşda 15 medala mynasyp boldular

10:1316.02.2024
0
15817

Minsk şäherinde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky XXVIII halkara ýaryş geçirildi. Türkmen türgenleri bu halkara ýaryşda 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medala mynasyp boldular.

Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bäsleşige on ýurtdan – Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Iki günüň dowamynda türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosynyň hersinde ýedi, şeýle hem erkekleriň söweş sambosy boýunça 21 sany medallar toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde söweş sambosy boýunça Agasapar Muhadow (88 kilograma çenli agram derejesinde ), Suwhan Öwezgeldiýew (98 kg çenli), Maksat Annagylyjow (79 kg çenli), Muminjan Arzikulow (71 kg çenli) dagy altyn medala mynasyp boldular.

Kümüş medallary: söweş sambo ýaryşynda Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) we Bezirgen Begenjow (98 kg çenli), şeýle-de sambo ýaryşynda Aziza Nazarowa (50 kg çenli) eýelediler.

Sport sambo ýaryşlarynda Bägül Nuryýewa (50 kg çenli), Saodat Işmuradowa (80 kg çenli), Babamyrat Baýramow (58 kg çenli), Nyýazmyrat Bäbekow (64 kg çenli), Döwlet Yslamow (98 kg-dan gowrak) bürünç medal gazandylar.

Mundan başga-da, söweş sambosynda aşakdaky türgenler hormat münberiniň üçünji basgançagyndan ýer aldylar: Ahmet Taňryberdiýew (58 kg çenli), Kambar Umarow (71 kg çenli) we Artur Ýaňybaýew (79 kg çenli) .

Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň topary Belarusyň (8 altyn, 9 kümüş we 16 bürünç medal) we Russiýa Federasiýasynyň (6 altyn, 4 kümüş we 10 bürünç medal) samboçylaryndan soňra 3-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň