Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi

02:4316.02.2024
0
27939
Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi
Surat: mejlis.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisinde şu gün utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda eden çykyşlarynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň dünýä hem-de sebit derejesindäki gün tertibine has işjeň gatnaşýandygyny, bu ugurdaky başlangyçlary ilerledýändigini, şeýle hem häzirki döwrüň iň çylşyrymly ählumumy we sebit meseleleriniň köpüsi boýunça netijeli çözgütleri teklip edýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda sanly ulgam arkaly Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretarynyň, daşary ýurt parlamentleriniň başlyklarynyň çykyşlary-da diňlenildi.

Parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ozaly bilen, raýatlaryň gönüden-göni wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmeginde jemlenýändigi bellenildi. Munuň özi adamlar üçin iň möhüm we derwaýys meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmaga, täze aragatnaşyk ýollaryny gözlemäge, isleg bildirilýän hem-de ýurtlaryň raýatlary tarapyndan goldanyljak başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berýär.

Çykyşlarda şu gezekki köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň deňagramly çözgütleriniň işlenip düzülmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň