Azerbaýjanyň Konstitusion kazyýeti Ilham Aliýewi nobatdaky ýediýyllyk möhlete Respublikanyň Prezidenti diýip, resmi yglan etdi. Bu barada KK-niň başlygy Farhad Abdullaýew habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ilham Aliýew üçin saýlawçylaryň 92,12 göterimi, ýagny 4 million 567,458 müňüsi ses berdi.
Azerbaýjanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary 7-nji fewralda geçdi.