Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi

10:0012.02.2024
0
26146
Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi
Surat: ntv.ru

Eýranda düýn, ýekşenbede 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi. Baýramçylyk ýörişleri ýurduň şäherleriniň 1,4 müňden gowragynda we 35 müň obasynda geçdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Tähranda ýörişe gatnaşyjylar Azadi meýdançasyna ýygnandylar, bu ýerde ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi çykyş etdi.

Şäher baýdaklar, çagyryşlar bilen bezeldi. «Tasnim» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, çärelere ýüzlerçe daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda syýasatçylar we alymlar gatnaşdy, baýramçylygyň geçişini Eýranyň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň 7,3 müňden gowragy beýan etdi.

Yslam rewolýusiýasy Eýranda 1978-1979-njy ýyllarda boldy. 1979-njy ýylyň 1-nji aprelinde ýurt Eýran Yslam Respublikasy diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň