Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy

10:3812.02.2024
0
32614

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa motor we çalgy ýaglaryny satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, ýüpek çig maly, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 619 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, polipropileni, el halylaryny, nah ýüplügi we nah matalary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 23 million 269 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň