Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisä gutlag hatyny iberdi

05:5112.02.2024
0
30052
Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisä gutlag hatyny iberdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasyny köp asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň