Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti orunbasar derejesindäki ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Kararlara gol çekdi

18:5111.02.2024
0
27891

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde orunbasar derejesindäki käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara hem gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda:

Atamyrat Halmyradowiç Durdyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Şyhmyrat Esenowiç Annaýew Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Kyýasow Gurbanmyrat Şamyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Artyk Çaryýewiç Bäşimow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Ataýew Begençmuhammet Muhammedamanowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň