«OneTwo.hk» web saýtynda Gonkongyň «Kitçisiniň» we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow bilen geçirilen uly göwrümli söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Futbolçy bu söhbetdeşlikde çagalyk ýyllary, futbola ilkinji ädimleri, Ýewropa ýoly we Gonkonga gelmegi bilen bagly gyzykly gürrüňleri berdi.
Söhbetdeşlikde futbolçynyň Gonkongyň çempionatyny saýlamagynyň sebäpleri, gonkongly janköýerler baradaky pikirleri, Gonkong ― Türkmenistan duşuşygynda goşa gol geçirse-de, şatlanmazlygynyň sebäbi baradaky sowallara jogap bar.
«Inter Maýami» bilen ýatdan çykmajak duşuşyk
Gonkongyň ýyldyzlarynyň «Inter Maýami» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygy käbir jedelli ýagdaýlara sebäp bolan bolsa hem, bu duşuşyk köp sanly janköýerleriň ýerli futbolçylaryň güýjüne göz ýetirmegine we käbir daşary ýurtly futbolçylaryň dünýä ýyldyzlary bilen bir meýdanda duşuşmagyna şert döretdi.
Duşuşykda esasy düzümde meýdana giren Ruslan Mingazow birinji ýarymda dolulygyna oýnady. Ol duşuşykda «Inter Maýaminiň» dünýä ýyldyzlaryndan ybarat goragçylaryny birnäçe ýola aljyratmagy hem başardy.
― Çagalykdaky iň uly arzuwlarymyň biri dünýä ýyldyzlaryna garşy futbol oýnamakdy. Gonkonga gelmänkäm, bu arzuwymyň hasyl bolup biljekdigi barada içimde kiçijik umyt hem ýokdy. Elbetde, duşuşykda Messi bilen Suaresiň meýdana çykmazlygy gynandyrdy. Ýöne olary ýakyndan görmek, olar bilen salamlaşmak, surata düşmek hem uly bagt ― diýip, türkmenistanly ýarymgoragçy bu duşuşykdan galan täsirleri paýlaşdy.
Elbetde, ol futbolçy hökmünde şikesli oýunçylaryň meýdana çykmagynyň tarapdary däl. Ýöne müňlerçe janköýer duşuşygyň peteklerini hut Messi bilen Suaresiň oýnuny görmek üçin satyn alypdylar. Şeýle-de bolsa, stadionda aklyňy haýran ediji şowhun bardy. Şeýle köp sanly janköýer stadiona Aziýanyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynda hem ýygnananok. Mingazow mundan soň «Kitçiniň» duşuşyklaryna has köp janköýeriň geljekdigine ynanýar.
Mingazow Gonkongda bagtly
― Gonkong maňa köp zady bagyşlady. Bu ýerde soňky iki ýyldan bäri ýaşaýan hem bolsam, özümi 15 ýyllyk gonkongly ýaly hasaplaýaryn. Bu ýere gelemsoň ajaýyplyklaryň birnäçesini başdan geçirsem: tälimçim Anderseniň çakylygy meni gaýtadan milli ýygynda çagyrylmaga, çempionatyň iň gowy oýunçylarynyň biri bolmaga çenli göterdi. Şonuň üçin men tälimçimden we Gonkongdan juda hoşal.
Şöhratly ýoluň başlangyjy
Ruslan Mingazow Aşgabatda dünýä indi. Kakasy Kamil Mingazow «Köpetdagyň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy.
― Kakama kesgitli futbolçy bolmak kararyna gelendigimi aýdanymda, takmynan, alty ýaşymdadym. Şeýlelikde, ol meni türgenleşiklere äkidip başlady ― diýip, Mingazow «millionlaryň söýgüli oýnuna» gadam goýan ilkinji ýyllaryny ýatlaýar.
Şol ýyllarda Aşgabatda Ruslanyň öz ýaş derejesindäki topar ýokdy. Şonuň üçin hem ol futbola özünden birki ýaş ulularyň arasynda girişmeli boldy. 16 ýaşynda professional sporta gelen Ruslanyň Ýewropa karýerasy eýýäm 17 ýaşyndaka başlandy.
Ýewropada...
Mingazow Ýewropadaky karýerasyna Latwiýada başlady. Soňra bäş ýyllap Çehiýanyň dürli toparlarynda futbol oýnady. Praganyň «Slawiýasy» bilen ýurduň çempiony boldy.
Şondan soň Gazagystanyň birnäçe toparynda ýfutbol ýoluny dowam etdiren Ruslan 2022-nji ýylda Gonkongyň «Kitçi» toparyna goşuldy.
― «Kitçiden» teklip gelende Gazagystanyň «Kaspisi» bilen baglaşan şertnamam dowam edýärdi. Teklibi okap ýylgyrdym. Gelnim bolsa, hakykatdan hem gitmek isleýändigimi ýa islemeýändigimi sorady. «Kitçi» barada ozal hiç zat bilemokdym, ýöne toparyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşýandygyndan habarym bardy. Men şeýle güýçli toparda özümi synamak isledim ― diýip, futbolçy ykbalyny özgerden karary barada gürrüň berdi.
Gonkongdaky ilkinji duşuşyklary
Şol ýyllarda pandemiýa sebäpli, Gonkongyň çempionaty wagtlaýyn ýatyrylypdy. «Kitçi» AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlyk görmek üçin Tailanda gidipdi. Mingazow «Kitçiniň» düzümindäki ilkinji duşuşygyny şol ýerde ― «Buriram Ýunaýted» bilen geçirdi. Soňra bolsa toparynyň taryhda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykmagyna goşant goşdy.
Soňky möwsümde 28 duşuşykda 23 gezek tapawutlanan Ruslan «Kitçiniň» janköýerleriniň köňlünde tagt gurdy. Munuň bilen hem çäklenmän, ol Gonkongda ýylyň iň ökde futbolçysy saýlanyldy. Çempionatyň nusgalyk düzüminden hem özüne ýer tapdy.
― Janköýerlerimiziň köpüsiniň ýerli çempionaty beýleki çempionatlar bilen deňeşdirýändigini bilýärin. Ýöne, ynanyň, bu ýerde futbol oýnamak ýeňil däl. Duşuşyklarda aňsat ýeňiş gazanýan ýaly görünmegimiziň sebäbi garşydaşlarymyzyň-a gowşak, biziň hem güýçli topardygymyz däl. «Kitçi» geçen ýyl üç kubok gazandy, indi her bir garşydamyz bizden üstün çykmak isleýär. «Drawims» bilen geçiren duşuşygymyz garşydaş toparlaryň hem bize gol geçirip biljekdigini görkezdi. Şonuň üçin hem hemişe meýdanda bütin yhlasymy bagyşlaýaryn.
Mingazowyň pikirine görä, ýerli çempionatda häzir, azyndan üç-dört topar «Kitçi» bilen deňeçer güýje eýe. Bu bäsdeşligiň 10 ― 12 topara çenli çykmagy bolsa ýerli çempionatyň hilini ýokarlandyrar.
Janköýerler bilen sazlaşyk
Ýewropada duşuşyklara on müňlerçe janköýer tomaşa etmäge gelýär. Mingazow gonkongly janköýerleriň hem futbola bolan gyzyklanmasy barada pikirlerini paýlaşdy:
― «Kitçiniň» janköýerleri örän agzybir. Stadionda Ýewropadaky ýaly köp adam görmersiňiz, ýöne janköýerlerimiz azajyk adam bilen hem ýeterlik goldawy berip bilýärler. Meniň üçin esasy zat goldawyň mukdary däl, netijesidir. Käte oýnum peselip bilýär. Şonda janköýerlerimiz: «Mingi, ruhdan düşme, hemme zat gül ýaly bolar» diýip bilýärler. Bu sözler aýratyn güýç berýär.
Geçen möwsümde şikes sebäpli Kubok ýaryşynyň final duşuşygyna gatnaşyp bilmedim. Onsoň duşuşykda janköýerlerimize goşulyp, tä sesim gyrylýança, toparymyzy goldadym. Biz edil şeýle goldawy her duşuşykda alýarys. Munuň özi haýran galdyryjy ― diýip, Ruslan gürrüň berýär.
Mingazow Gonkongda birnäçe kubok gazandy. Bu ― ajaýyp duýgy! Gonkonglylar iňlisçe gürleşip bilýärler. Bu bolsa adamlar bilen gatnaşygy ýeňilleşdirýär.
Umuman, Ruslan Gonkongdan hoşal. Ol bu barada:
― Maşgalam hem bu ýerdäki ýaşaýyşdan hoşal. Ýanýoldaşym suratkeşlik bilen meşgullanýar, çagalarym okuwa gidýär. Bilelikde iňlis dilini öwrenýäris. Bu zatlar biziň üçin goşmaça artykmaçlyklar.
Gonkong bilen bolan duşuşyk
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň birini Gonkong bilen geçirdi. Mingazow bu duşuşykda türkmen ýygyndysynyň düzümindedi:
― Täsin duşuşyk boldy. Milli ýygyndyda oýnamak meniň üçin belent mertebe. Ýöne Gonkong bilen şeýle bir baglanyşygym bar welin, bu ýerde meniň şahsy janköýerlerim hem juda kän. Şonuň üçin hem gol geçiremsoň, ýerli janköýerleri gynandyrmazlyk üçin goluma begenmedim.
Iýun aýynda Gonkongyň ýygyndysy biziň ýurdumyza myhmançylyga geler. Dostlarymyň Watanyma gelip görmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bizde ähli zatlar ― ulaglar, öýler ak reňkde. Naharlar bolsa örän tagamly. Men Watanymda dostlaryma ähli babatda kömekçi bolmaga taýýar.
Aziýa futbolynyň geljegi
Gonkongyň ýygyndysy soňky ýyllarda Merkezi Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylar bilen köp duşuşýar. Özbek futbolçylary bolsa olar bilen has kän duşuşdylar. Ýerli çempionata Merkezi Aziýadan köp futbolçy gelýär.
Mingazowyň pikirine görä, futbol dürli döwletleriň raýatlaryny biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Ol Gonkong ligasynyň Merkezi Aziýaly futbolçylar üçin ajaýyp ýerdigine ynanýar.
Şeýle hem onuň bir gün gonkongly futbolçylaryň Merkezi Aziýada hem çykyş etjekdigine ynamy kämil.
― Belki olar Merkezi Aziýany uzak hasaplaýarlar. Ýöne ol ýerde futbol yzygiderli ösüşde. Esasan hem AFK-nyň Çempionlar ligasynda oýnaýan kluplar synanyşyp göreniňe degýär. Mümkinçilik dörese, näme üçin synanyşmaýarsyňyz?
Agageldi Italmazow, «Janköýer»