Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu maslahata «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.