Ýakyn iki aýyň dowamynda Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan sebitiniň häkiminiň ykdysady meseleler boýunça utgaşdyryjy orunbasary Saýed Mohammed Dehnewi habar berdi.
Saýed Mohammed Dehnewiniň aýtmagyna görä, bu meýilnamany durmuşa geçirilmegi ýurduň Türkmenistana we Aziýanyň beýleki ýurtlaryna amala aşyrýan eksportynyň möçberiniň yzygiderli artmagy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, ol bu sebitiň eksport mümkinçiliklerniň çalt depginde ýokarlanýandygyn ünsi çekdi. Hususan-da, häzirki wagtda sebitden daşarky bazara iberilýän eksport harytlarynyň möçberi 265 million amerikon dollara ýetýär.
Geljekde bu görkezijini 300 million dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.