Soňky habarlar

Arhiw

Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy

17:4006.02.2024
0
24788

Gazagystanyň täze Hökümet başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň diwanynyň başlygy bolup işlän Olžas Bektenow boldy.

Gazagystanyň täze Hökümet başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň diwanynyň başlygy bolup işlän Olžas Bektenow boldy. Perman döwlet Baştutanynyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Bektenowyň wezipä kandidaturasyny «Amanat» partiýasy hödürledi, ony Prezident goldady. Ýurduň Mejlisindäki syýasy partiýalaryň köpüsi onuň wezipä bellenmegini goldap ses berdi.

Gazagystanyň täze Premýer-ministri 43 ýaşynda. Ol Astana we Almaty şäherleriniň ýustisiýa we döwlet satyn alyş edaralarynda, Premýer-ministriň diwanynda we beýleki döwlet edaralarynda işledi. 2023-nji ýylda Gazagystanyň Prezidentiniň diwanynyň başlygy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň