Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Belarusda dünýä çempionatyna taýýarlyk görer

16:3406.02.2024
0
24930

2024-nji ýylyň mart aýynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlary iki sany iri halkara ýaryşa — 18 ýaşa çenli ýaşlaryň we ulularyň arasynda dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň oýunlaryna gatnaşarlar.

«Neýtranlyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin 13-nji fewralda Minks şäherine ugrar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy «Raubiçi» köpugurly sport toplumynda geçiriler.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynda ilkinji gezek çykyş eder. Dünýä birinjiligi 4 — 8-nji mart aralygynda Keýptaun (GAR) şäherinde geçiriler. Türkmen hokkeýçileriniň garşydaşlary ýere eýesi GAR-yň, Taýlandyň we Gonkongyň ýygyndy toparlary bolar. Toparçanyň ýeňijisi ikinji diwiziýona ýollanma alar.

Erkekleriň arasynda dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň oýunlary bolsa 8 — 16-njy mart aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) geçiriler. Türkmen hokkeýçileri bu ýaryşda ikinji diwiziýona çykmak üçin Gyrgyzystanyň, Meksikanyň, Lýuksemburgyň, Taýlandyň hem-de GAR-yň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň