Gazagystanyň Hökümeti iş başyndan gitdi, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň wezipe borçlary Premýer-ministriň orunbasary Roman Sklýaryň üstüne ýüklendi diýip, «Interfax.ru» habar berdi.
Bu barada degişli Karara ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.
Tokaýew şeýle hem Hökümetiň agzalaryna täze düzüm tassyklanýança wezipe borçlaryny berjaý etmek barada görkezme berdi.
Gazagystanyň Hökümetine 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Alihan Smailow başlyklyk edýärdi.