Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň «Wildberries» internet dükany türkmen bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

11:4205.02.2024
0
38809

Russiýanyň iň iri internet dükanlarynyň biri bolan «Wildberries» Türkmenistanyň we ýene birnäçe ýurtlaryň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, RIA Новости habar berýär.

«Biz ösüşimizi dowam etdirmek üçin alyp barýan işimiziň geografiýasyny giňeltmelidigine düşünýäris. ...Ilkinji nobatda, serhetleşýän ýurtlarymyza uly ähmiýet berýäris. Ýewraziýa ykdysady birleşmesine (ÝYB) girýän ýurtlaryň eýýäm ählisinde işleýäris. Häzirki wagtda bolsa GDA ýurtlaryna, mysal üçin, Täjigistana, Türkmenistana çykmagy nazarda tutýarys» — diýip, kompaniýany esaslandyryjy Tatýana Bakalçuk belleýär.

Şeýle hem «Wildberries» internet dükanynyň Azerbaýjanda logistika döretmek ugrunda iş alyp barýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, kompaniýa Ýakyn Gündogar bazaryna — BAE we Pars aýlagyndaky ýurtlara çykmakda iş gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýar.

«Wildberries» 2004-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Russiýada, Gazagystanda, Belarusda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda hem-de Özbegistanda işleýär. Onlaýn dükanyň web saýtynda egin-eşik, aýakgap, kosmetika, öý harytlary, çaga harytlary, elektronika, kitaplar, şaý-sepler, azyk önümleri we ş.m. ýaly 37 müňden gowrak haryt nyşanly önümleri tapmak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň