Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitaby tanyşdyryldy

12:1903.02.2024
0
50572

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyga Koreýa Respublikasynda okaýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew çärede eden çykyşynda türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adamzady jebislige we ynsanperwerlige çagyrýan beýik döredijilik mirasynyň dünýä edebiýatynda we medeniýetinde eýeleýän örän uly orna we ähmiýete eýedigi barada belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby tanyşdyrylyp, onuň diňe türkmen ýaşlaryny terbiýelemekdäki gymmatly gollanmadygy barada bellenildi.

Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar şahyryň hem akyldaryň halkara derejesinde döredijiligini wagyz etmek babatynda Türkmenistanda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň dowamynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçiriljekdigi hem-de olaryň medeni-ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilýändigine üns çekildi.

Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-yň çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary — Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada duşuşykda aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň