Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Digital Almaty» forumynda gyrgyz dilindäki emeli aň tanyşdyryldy

09:2903.02.2024
0
24629

«Digital Almaty-2024» forumynda Gyrgyzystan öz işläp taýýarlamasyny — gyrgyz dilinde işlemäge ukyply bolan emeli aňy görkezdi. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymaliýew bu programmanyň eýýäm iş ýüzünde, şol sanda döwlet radiostansiýasynda alypbaryjy hökmünde hem ulanylýandygyny aýtdy. Emeli aň sözleri aýtmakdan oňat baş çykarýar we diňleýjiler munuň tapawudyny duýmaýarlar. Geljekde bolsa ony hukuk meseleleri boýunça geňeşçi hökmünde ulanmak üçin oňa respublikanyň kanunçylygyny öwretmek meýilleşdirilýär.

Gyrgyz wekiliýetiniň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň ýurtlarynyň wekillerini öz sanly çözgütlerini işläp düzmekde tagallalaryny birleşdirmäge çagyrdy.

2024-nji ýylda Gyrgyzystan täze tehnologiýalar babatynda ähli kanunlary birleşdirjek Sanly kodeksi kabul etmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň