Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan nebitgaz pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

07:1603.02.2024
0
24022

Nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty bilen bilelikde hereket edýän nebitgaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Gaz we gaz kondensaty ýataklary institutlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary boýunça özleşdirilýär. Alymlaryň, hünärmenleriň öňünde geologiýa, ýataklary özleşdirmek, burawlamak we nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny işläp düzmek, olary öz wagtynda önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek babatda wezipeler goýuldy. Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan uly tejribä we kuwwata eýe bolan ygtybarly daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, nebitgaz infrastrukturasyny gurmak ýaly işlere ylmy taýdan çemeleşmek boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine degişli bolan ylmy-barlag institutlarynyň wajyp ornunyň bardygyny belledi.

--- Şoňa görä-de, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleri bilen bir hatarda, nebitgaz ugry boýunça işleýän halkara ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek zerurdyr --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň