Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Amitabh Baççan «Mugallyma» atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer

13:0202.02.2024
0
32384
Amitabh Baççan «Mugallyma» atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer
Surat: championat.com

2015-nji ýylda teleýaýlyma çykan «Mugallyma» atly meşhur rus serialynyň ýerli nusgasy hindi kinoçylary tarapyndan surata düşüriler.

Serialy döreden önümçilikçiler «Startfilm Group» we «Russian Film Group Corporation» kompaniýalary «White Night Entertainment» hindi kinostudiýasy bilen degişli geleşige gol çekdiler diýip, «Kinonews.ru» habar berýär.

Filmde baş keşbi Bolliwudyň goja ýyldyzy Amitabh Baççan döreder. Film şu ýyl surata alnyp başlanar, ol Hindistanda-da, Russiýada hem prokata goýberiler.

Filmiň ýordumy kyn ýagdaýda galan taryh mugallymy baradadyr. Onuň keşbini Irina Kupçenko janlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň