Soňky habarlar

Arhiw

Argentinanyň «Los-Alerses» milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi

10:4931.01.2024
0
23358

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Argentinanyň «Los Alerses» milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e çenli, ýagny 1893 gektardan gowrak ýere baryp ýetdi. Bu barada «Nacion» çeşmesine salgylanyp, Gazeta.ru habar berýär.

Ýangyn seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýan esasy tokaýyny gysga wagtda gurşap aldy. Howanyň ýokary temperaturasy we güýçli ýeliň öwüsmegi bolsa ony söndürmegi barha kynlaşdyrýar.

«Los Alerses» milli seýilgähi Argentinanyň günortasynda ýerleşýär. Ol 1937-nji ýylda seýrek duşýan ösümlikleri we haýwanlary goramak maksady bilen döredildi. Seýilgähiň tokaý massiwiniň esasyny — «Patagon kiparisi» diýlip atlandyrylýan fisroýlar düzýär. Seýrek duş gelýän bu ösümlikleriň ýaşy birnäçe müň ýyldan geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň