Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

23:0130.01.2024
0
17670

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler mininstrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meselelesini hem aratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň