Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar

09:2430.01.2024
0
14345
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Surat: news.ru

Hytaýly alymlar ýitip ýok bolup barýan tibet sygyrlaryny üstünlikli klonladylar. Bu sygyrlaryň beden öýjükleriniň özenlerini geçirmek ýoly bilen başartdy diýip, Tibet awtonom etrabynyň hökümetine salgylanýan «News.ru» habar berýär.

Hytaýyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy- barlag institutynyň işgäri Ýuý Daweý Tibetiň daglyklarynda ýaşaýan haýwanlaryň gulak öýjükleriniň alnandygyny we soňra laboratoriýada fibroplastlaryň ugrunyň döredilendigini habar berdi. Netijede, alymlara mallaryň beden öýjükleriniň maňyzlaryny geçirmek tehnologiýasyny ulanmak arkaly klonlaryň embrionlaryny almak başartdy.

Soňra embrionlar enelik sygyrlara ýerleşdirilip, sekiz sany nusgalanan göle alyndy diýip, Daweý gürrüň berdi.

Alymlar täze usulyň geljekde mallaryň baş sanyny köpeltmekde, genetiki ulgamy kämilleşdirmekde, gorlary ulanmak we goramak babatda peýdalanyp boljakdygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň