Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary ýanwar aýynyň iň gowy tortlaryny aýtdy

14:4829.01.2024
0
36285

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlary ýanwar aýynda iň köp satylan süýjülikleri barada aýtdy. «Zyýat Hilde» hödürlenilýän dürli görnüşli bu süýjülikleriň hatarynda iň köp isleg bildirileni «Napoleon» we «Medowik» tortlarydyr.

Alyjylaryň bu saýlawy «Zyýat Hil» dükanlary üçin hiç hili geň galdyryjy däldir, sebäbi konditerlik sungatynyň bu datly tortlary hemmeler üçin çagalykdan dowam edip gelýän nusgawy tagamlardyr. Şirin tagamy hem owadan şekili bilen tapawutlanýan «Zyýat Hil» tortlary baýramçylyklaryň we maşgala agşamlarynyň täsin bezegine öwürýär.

«Zyýat Hil» kitirdäp duran gatlakly «Napoleon» tortundan we bal ysyna baý «Medowik» süýjüliginden dadanyňyzdan soň, bu tortlary hemişelik halajakdygyňyza ynam bildirýär.

«Konditer dükanlarymyzdan birje gezek dadanyňyzda göwnüňizden turjak süýjüligi taparsyňyz» — diýip, dükanyň hünärmenleri belleýär.

Ýeri gelende «Zyýat Hiliň» süýjüliklerini we tort görnüşlerini yzygiderli görnüşler bilen baýlaşdyrýandygyny bellemelidiris. Şeýlelikde hem, ýaňy-ýakynda gülälek-limon, ýertudana, «Ferrero», gyzyl mahmal hem-de syr kremli bally tort ýaly tortlaryň täze görnüşleri peýda boldy.

«Zyýat Hil» çig mal satyn almakdan başlap, taýýar önümleriň satuwyna çenli ähli konditer önümçilik işine ýokary derejede gözegçilik edýär. Bu bolsa kärhana önümlerini hem ýokary hilli öndürmäge, hem elýeterli bahalardan ýetirmäge mümkinçilik berýär.

150 manatlykdan ýokary möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň çägine eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» konditer torunyň salgylary we telefon belgileri:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 hem-de (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň