Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň uly gezelenç gämisi ilkinji ýüzüşe ugrady

14:3329.01.2024
0
26020

Dünýäde iň uly «Deňizleriň ikonasy» gezelenç gämisi Maýaminiň portundan ilkinji ýüzüşe ugrady diýip, «MIR 24» habar berýär.

Täze gämi meşhur «Titanik» gämisinden bäş esse uludyr. Onuň göwrümi üç futbol meýdançasyna deň, üstesine 20 sany palubasy bar.

Gämide 7,5 müň ýolagçy ýerleşip bilýär. Olar üçin göwün açyş ýerleri, şeýle hem äpet akwapark döredilendir.

Ilkinji ýüzüş bir hepde dowam eder. Gämi Meksikada, Gondurasda durar, ahyrky nokat Bagam adalary bolar.

Gämini ýüzüşe goýbermek dabarasyna meşhur futbolçy Lionel Messi gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň