25-nji ýanwarda Lebap welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda gümrük we migrasiýa işgärleri üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň sebitdäki işgärleriniň 48-si şol jaýlardan döwrebap öýleriň açarlaryny aldylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, welaýat gümrükhanasynyň we migrasiýa işgärlerine niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri 3 we 4 otagdan ybarat. Gümrükçilere niýetlenen jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gaýratly dost» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Migrasiýaçylaryň göçüp gelen ýaşaýyş jaýy bolsa «Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.