Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly deňiz we derýa ulaglary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşdy

07:2726.01.2024
0
19798

Tatarystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew Deňiz we Derýa floty institutynyň müdiri Ilýas Salahow bilen duşuşdy diýip, diplomatik wekilhananyň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Kazanda deňiz we derýa ulaglary boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

I.Salahow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazar deňzinde degişli hünärmenler taýýarlamakdaky möhüm roluny belläp geçdi. G.Garaýew hem öz gezeginde Hazar deňziniň üsti bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Şeýle hem taraplar bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň