Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

07:0526.01.2024
0
10768

2024-nji ýylyň 2-12-nji fewralda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň futzal boýunça zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky üçünji çempionaty — «CAFA Women’s Futsal Championship-2024» ýaryşy geçiriler.

«CAFA-nyň» metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu bäsleşikde Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlary ýeňiş ugrunda göreşer.

Düzgüne laýyklykda, zenanlaryň ýygyndylarynyň arasynda geçýän «CAFA – 2023» futzal çempionatynyň ýeňijileri bir aýlawda guraljak ýaryşyň — toparlaryň her biriniň birek-birek bilen duşuşmagynyň netijesinde toplan utuklarynyň esasynda kesgitlener. Has takygy, iň köp utuk toplan topar çempion bolar.

«CAFA-nyň» futzal boýunça zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky ilkinji ýaryşy 2022-nji ýylyň ýanwarynda Duşenbe şäherinde guralypdy. Şonda Eýranyň ýygyndy topary ýeňiş gaznypdy. «CAFA-nyň» 2023-nji ýylyň ýanwarynda Daşkentde geçirilen ikinji çempionatynda hem Eýranyň ýygyndysy ýeňşi elden bermändi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň