Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär

12:3625.01.2024
0
22209
Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär
Surat: news.ru

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Diniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda ilçi 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Din, öz gezeginde, KHBS-iň ugry boýunça gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berjekdigi barada nygtady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň